Iki Terrorçy Boýun Egdi

Geçirilen söhbetdeşlikleriň neticesinde 2 PKK terrorçysy howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi.

1880008
Iki Terrorçy Boýun Egdi

Içeri işler ministrliginden berilen beýannama görä ministrligiň utgaşdyrmagynda Žandarm Serkerdeligi we Içeri işler baş müdirligi tarapyndan geçirilýän söhbetdeşlikler neticesinde ýene-de 2 terrorçy guramadan gaçyp, howpsuzlyk güýçlerine boýun egdi.

Boýun egen terrorçylardan biriniň 2014-nci ýylda, beýlekisiniň bolsa üstümizdäki ýylyň dowamynda gurama goşulandygy, Yrakda we Siriýada iş alyp barýandyklary anyklandy.

Söhbetdeşlikler neticesinde ýylyň başyndan bäri boýun egen terrorçylaryň sany 83-e ýetdi.



Degişli Habarlar