Terrora garşy göreş egilşiksiz ýagdaýda dowam etdirilýär

Siriýanyň demirgazygyndaky Parahatçylyk Çeşmesi sebitine od açan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 5 terrorçy Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildi

1879068
Terrora garşy göreş egilşiksiz ýagdaýda dowam etdirilýär

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "Terrorçylary gazan çukurlarynda gömmäge dowam edýäris. Siriýanyň demirgazygyndaky Parahatçylyk Çeşmesi sebitine od açan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 5 terrorçy Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berildi. 

Beýleki tarapdan bolsa Hakkari welaýatynyň Ýüksekowa etrabynda ekstremist terror guramasy PKK-a garşy geçirilýän operasiýada ok-däri ele salyndy.



Degişli Habarlar