“ABŞ-nyň Ýalňyşlyklary Dowam Edýär”

Prezident R.T.Erdogan ABŞ-nyň Siriýanyň demokratik güýçleri meselesindäki ýalňyşlyklarynyň dowam edýändigini aýtdy.

1878052
“ABŞ-nyň Ýalňyşlyklary Dowam Edýär”

Erdogan Stambulda cuma namazyndan soňky žurnalistleriň soraglaryna cogap berdi.

ABŞ-nyň Siriýada ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK bilen türgenleşik geçirmegi bilen bagly soraga cogap beren Erdogan, SDG meselesinde ABŞ-nyň ýalňyş başlangycyny dowam etdirýändigini aýtdy.

Erdogan; “Adyna üns beren bolsaňz Siriýanyň demokratik güýçleri goýupdyrlar, bu bukydan başga däl. ABŞ şol terror guramalaryna müňlerçe konteýner encam, ok-däri ugratdy we henizem ugradýar. Diňe bir Siriýadaky koalision güýçler bilen däl, Yrakda-da şeýtdiler. Henizem dowam edýärler. Düýpli tälimem berýärler” diýdi.

Prezident Erdogan F-16 boýunça gepleşikler hakynda bolsa; “Men bu gatnaşykda ABŞ-nyň bizi başga alternatiwlere ugrukdyrmazlygyny tama edýärin. Başga alternatiwler diýlende, dünýäde harby uçarlary satýan diňe bir ABŞ däl. Başga ýurtlar hem satýarlar. Şolaryň arasynda bizi çagyrýanlar bar” diýdi.



Degişli Habarlar