ÝAHK Adalatly Karar Bermeýär

Prezident R.T.Erdogan Ýewropanyň Adam Hukuklary Kazyýetiniň kararalarynda adalatly däldigini, Türkiýe bilen bagly syýasy kararlary kabul edýandigini aýtdy.

1874785
ÝAHK Adalatly Karar Bermeýär

Prezident Erdogan paýtagt Ankarada Ýokary kazyýetiniň iş ýylynyň açylyşy mynasybetli guralan dabara gatnaşdy.

Ýurduň hukuk döwleti aýratynlygyny güýçlendirmek üçin möhüm özgertmeleri iş ýüzüne geçirendiklerini, ýakyn gelejekde-de adalat ulgamynda möhüm özgertmeleriň ediljekdigini nygtan Erdogan; “Gün tertibimiziň başynda aklawçylarymyzyň meseleleriniň çözgüdi bar. Aklawçylyk kanunyny özgertmek isleýäris” diýdi.

Adalada elýeterliligi ýeňilleşdirip, kazyýet tapgyryny ýönekeýleşdirendiklerini nygtan Erdogan, hukugyň ätiýaçlandyryjysy atlandyrylýan we käbir ýurtlarda iş ýüzüne geçirilýän “hukuky hemaýat ätiýaçlandyryşyny” Türkiýede-de iş ýüzüne geçirmegi meýilleşdirýändiklerini beýan etdi. Çykyşynda Ýewropanyň Adam Hukuklary Kazyýetiniň kararlarda adalata üns bermeýändigini nygtan Erdogan; “ÝAHK kararalarynda adyl däl, syýasy. Türkiýe meselesinde bolsa syýasy karar berýär, emma beýleki tarapda Fransiýa, Germaniýa hakynda gynansagam tersine karar kabul edýär” diýdi.

 



Degişli Habarlar