Milli Howpsuzlyk gullugy Yragyň demirgazygynda möhüm operasiýa geçirdi

Ümit Tarhan guramanyň köp sandaky agzasyna sabotaž boýunça tälim berdi

1874165
Milli Howpsuzlyk gullugy Yragyň demirgazygynda möhüm operasiýa geçirdi

Türkiýäniň Milli Howpsuzlyk gullugynyň Yragyň demirgazygyndaky Duhok/Gara sebitinde geçiren operasiýasy bilen, ekstremist terror guramasy PKK/KJK-a agza terrorçylara sabotaž tälimini beren akademiýanyň jogapkär agzasy terrorçy Ümit Tarhan täsirsiz ýagdaýa getirildi. 

Howpsuzlyk çeşmelerinden alynan maglumata görä, "Rezan Amed" adyny ulanýan terrorçy Ümit Tarhan, Germaniýanyň paýtagty Berlin şäherinde terror guramasy bilen arabaglanşykly bolan gurluşlarda alyp baran işlerinden soň 2009-njy ýylda terror guramasy PKK-nyň düzümine goşuldy. 

Yragyň demirgazygyndaky Kandilde guramanyň biri-birinden tapawutly işlerini eden Ümit Tarhan, 2015-nji ýylda Siriýada sabotaž toparynyň jogapkär agzasy hökmünde iş alyp bardy. 

Terrorçy Ümit Tarhan 2016-njy ýylda Siriýadan Türkiýä partlaýjy maddalaryň geçiriliş işlerini ýerine ýetirdi, bomba gurnamalaryny we elde ýasalan partlaýjylary hut özi taýarlady. 

Terror gurama üçin zerur bolan elektron we mehanik enjamlaryň Ýewropadan getirilmegini üpjün eden Ümit Tarhan, guramanyň ýolbaşçylary tarapyndan terrorçylara tälim bermek maksady bilen Yragyň demirgazygyndaky Gara sebitine ugratdylar. 

Ümit Tarhan guramanyň köp sandaky agzasyna sabotaž boýunça tälim berdi. 

Türkiýäniň Milli Howpsuzlyk gullugy ady geçen işleri sebäpli Ümit Tarhany täsirsiz ýagdaýa getirilmeli möhüm nyşanalaryň sanawyna goşdy. 

Ýewropadan elektron we mehanik enjamlary almak üçin ýola çykandygy anyklanan Ümit Tarhan, Yragyň demirgazygyndaky Duhok/Gara sebitinde Milli Howpsuzlyk gullugynyň geçiren operasiýasynda, ýanyndaky başga bir terrorçy bilen bilelikde täsirsiz ýagdaýa getirildi. 



Degişli Habarlar