Mustafa Warank Türkiýäniň Milli emeli hemra programmasy barada beýannama berdi

Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank, Türkiýäniň älem giňişligi ýaryşynda yzda galmazlygy üçin arman-ýadaman işlemäge dowam etjekdiklerini habar berdi

1869073
Mustafa Warank Türkiýäniň Milli emeli hemra programmasy barada beýannama berdi

Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warank, Türkiýäniň älem we awiasiýa ugurlarynda tankydy we uly maýa goýumlary durmuşa geçirmek üçin ellerinden gelýän tagallany edýändiklerini mälim etdi. 

Milli Älem programmasynyň Türkiýäni awiasiýa we älem ugurlarynda ýokarky basgançaga çykarjakdygyny aýdan Warank: "Dünýäde ülkeleriň arasyndaky basdeşlik diňe ýeriň ýüzünde bolmaýar. Älem giňişliginde we awiasiýada uly bäsdeşlikler bar. Doly garaşsyzlygyň ýoly aslyna garanyňda häzirki wagtda awiasiýada we älem giňişliginde üstün bolmakdan geçýär. Türkiye hem älem giňişliginde özüni orta goýup bilmek, doly garaşsyz Türkiýäni ýola goýup bilmek, beýleki ýurtlar tarapyndan amala aşyrylýan tankydy we uly maýa goýumlary durmuşa geçirmek üçin elinden gelýän tagallany edýär" diýip habar berdi. 

Älem ugrunda uly mümkünçilikleri bolan Türkiýäniň öz emeli hemrasyny özgerdip bilýän bir ýurtdugyny aýdan Mustafa Warank, TÜBITAK Älem tehnologiýalary ylmy-derňew instituty tarapyndan özgerdilen IMEJE gözegçilik emeli hemrasynyň üstünde durup geçip: "Öz ýerli we milli gözegçilik emeli hemramyzy nesip bolsa ýanwar aýynda älem giňişligine uçurarys. Ondan soň öz aragantaşyk emeli hemramyz bolan TÜRKSAT 6A-ny, öz mümkinçiliklerimiz bilen özgerden TÜRKSAT 6A-ny 2023-nji ýylda älem giňişligine uçurarys. Ähli bu ugurlarda mümkinçiliklerimiz bar, emma Milli Älem programmasyndaky maksatlarymyzy amala aşyran mahalymyz, älem ugrunda has üstün, has täsirli bir Türkiýäni, älem ýaryşynda has üstün bir Türkiýäni görüp bileris" diýip mälim etdi. 

Ministr Mustafa Warank IMEJE gözegçilik emeli hemrasynyň kamerasyna daşary ýurtlardan isleg bildirilip, talap gelýändigini belläp: "Türkiýäniň älem giňişligi ýaryşynda yzda galmazlygy üçin arman-ýadaman işlemäge dowam ederis" diýip aýan etdi. 



Degişli Habarlar