Yragyň demirgazygyndaky Penje-Gaplaň operasiýasy sebitinde 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Yragyň demirgazygyndaky Penje-Gaplaň operasiýasy sebitinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1868355
Yragyň demirgazygyndaky Penje-Gaplaň operasiýasy sebitinde 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, esgerleriň terrora we terrorçylara garşy göreşiniň mertlerçe dowam edýändigi habar berildi. 

Milli Goranmak ministrligi: "Yragyň demirgazygyndaky Penje-Gaplaň operasiýasy sebitinde ekstremist terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip beýan etdi. 

Içeri işler ministri Süleýman Soýlu, sosial media hasabyndan beren beýanatynda, Eren Gabaw-28 operasiýasynyň çäginde 1-i narynç, 2-njisi çal kategoriýada bolan jemi 2 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini habar berdi. 

Süleýman Soýlu terrorçylaryň täsirsiz ýagdaýa getirilmegi bilen Agry welaýatyndaky Tendürek Dagy sebitiniň terrorçylardan dolulygyna saplanandygyny mälim etdi. 



Degişli Habarlar