Çawuşogly: "Siriýada hemişelik asudalyk we parahatçylyk üçin ylalaşyk hökmanydyr" diýdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Siriýada hemişelik asudalyk we parahatçylyk üçin ylalaşygyň hökmanydygyny beýan etdi

1868601
Çawuşogly: "Siriýada hemişelik asudalyk we parahatçylyk üçin ylalaşyk hökmanydyr" diýdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Latwiýanyň Daşary işler ministri Edgars Rinkewiçs bilen paýtagt Ankarada geçiren umumy metbugat ýygnagynda, Siriýada oppozisiýa bilen Siriýanyň hökümediniň arasynda ylalaşygyň üpjün edilmegi bilen baglanşykly geçen hepde beren beýanatynyň, şol ýurtdaky içerki söweşiň bes edilmegi üçin Türkiýäniň alyp barýan tagallalarynyň ýüze çykmasydygyny habar berdi. 

BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň biragyzdan 2015-nji ýylda kabul 2254 belgeli kararyny ýatladan Mewlüt Çawuşogly, şol kararda siriýaly taraplaryň arasynda BMG-nyň öňbaşçylygynda Siriýada geçiş tapgyrynyň başladylmagy, täze bir konstitutsiýanyň kabul edilmegi we BMG-nyň gözegçiliginde adalatly we açyk bir saýlawyň geçirilmegi ýaly ugurlaryň bardygyny ýatlatdy. 

Mewlüt Çawuşogly Halkara Siriýa goldaw toparynyň we Hyzmatdaş ýurtlar toparynyň döredilendigini, emma şolara garamazdan şol tapgyryň şowsuz bolandygyny belläp: "Netije alynmazlygynyň esasy sebäbi, Siriýanyň hökümediniň garşy durmagy sebäplidi. Sebabi Siriýanyň hökümedi syýasy çözgüde ynanamaýar, harby çözgüde ynanýar, emma hemişelik çözgüt syýasy çözgütdir. Muny hemişe başyndan bäri aýdýarys. BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşiniň 2254 belgeli karary, Siriýanyň serhet we territorial bütewiligini nygtap geçýär, biziň her beýanatymyzda aýdyp geçişimiz ýaly. Siriýanyň territorial bütewiligine ähmiýet berýäris" diýip nygtady.

Mewlüt Çawuşogly: "Siriýada oppozisiýa Türkiýä ynanýar, hiç wagt ýary ýolda goýmadyk, emma Siriýada hemişelik asudalyk we parahatçylyk üçin ylalaşygyň hökmanydygyny aýtdyk, şu wagt hem aýdýarys" diýip belledi. 

Türkiýä garşy terror howplarynyň hem üstünde durup geçen Çawuşogly: "Siriýada bize howp salýan bir terror guramasy bar: PKK,PÝD,ÝPG. Olar şol bir terror guramasydyr. Şol terrorçylaryň we DAIŞ-iň galyndylarynyň we beýleki radikal terror guramalarynyň bu ýurtdan dolulygyna saplanmagy gerek. Bu biziň howpsuzlygymyz üçin hem ähmiýetli. Şol howpsuzlygyň üpjün edilmegi üçin hem Siriýanyň durnuklylygy örän ähmiýetli" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar