Daşary işler ministri: "Ysraýylyň agressiýasyny berk ýagdaýda ýazgarýarys" diýdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly: "Ysraýylyň Gaza we palestınalylara garşy agressiýasyny berk ýagdaýda ýazgarýarys" diýip nygtady

1865012
Daşary işler ministri: "Ysraýylyň agressiýasyny berk ýagdaýda ýazgarýarys" diýdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, paýtagt Ankara şäherinde geçirilen 13-nji Ilçiler konferensiýasynda çykyş etdi. 

Türkiýäniň Palestina dawasyna berýän güýçli goldawynyň dowam edýändigini aýdan Çawuşogly: "Ysraýylyň Gaza garşy hüjümleri we ysraýylly fanatik jöhit toparlaryň Aksa metjidine girmek üçin edýän hereketleri kabul edilmesiz. Ysraýyly berk ýagdaýda ýazgaýrays, düýn giýje yglan edilen od açmazlyk baradaky ylalaşygyň hemişelik bolmagyny isleýäris" diýip habar berdi. 

Türkiýäniň has adalatly bir dünýä düzgüniniň baýdak göterijisidigini aýdan Çawuşogly: "Global azyk krizisiniň çözüwi üçin Ukrainanyň gallasynyň eksporty babatynda Stambul ylalaşygy we ylalaşygyň durmuşa geçirilmegi ýaly özgertmeler diplomatiýamyzyň global ýüzi boldy" diýip mälim etdi. 

Azerbaýjana raýdaşlyk ýüzlenmesini beren Çawuşogly, Ermenistana täze öjükdiriji hereketleri etmezligi barada ýaňadandan duýduryş berdi. 

Mewlüt Çawuşogly: "Ýeke başymyza amala aşyranlarymyzy Ýewropa Bileleşigi bilen bile eden bolsadyk, ÝB bütin dünýäde global aktýor bolardy" diýip belledi we Ýewropanyň howpsuzlyk boýunça Türkiýä zerurlygynyň bardygyny habar berdi. 

Ukraina krizisiniň Türkiýäniň ähmiýedini ýene-de bir gezek görkezendigini aýdan Çawuşogly: "Taryhyň akyşy Türkiýäniň dostlugyny öwretdi" diýip nygtady. 

Yrakda başdan geçirilýänlere hem ýakyndan gözegçilik edýändiklerini aýdan Çawuşogly: "Ekstremist terror guramasyPKK-nyň bu ýurtdaky barlygy üçin anyk ädimleriň edilmegine garaşýarys" diýip belledi. 

Terror guramalary babatynda ABŞ-dan garaşylan goldawy görmändiklerini aýdan Mewlüt Çawuşogly: "ABŞ kanuny tamalarymyz boýunça hereket etmelidigini pikir edýäris" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar