Türkiýe, Ysraýylyň Gaza Guran Hüjümini Ýazgardy
Ysraýylyň Gaza sektoryna guran howa hüjümi berk ýazgaryldy
Türkiýe, Ysraýylyň Gaza sektoryna guran howa hüjümini berk ýazgardy we wakalaryň çaknyşyga öwrülmezden gyssagly bes edilmelidigini nygtady.
Daşary işler ministrligi, Ysraýylyň Gaza guran howa hüjümi hakynda ýazmaça beýannama berdi.
Beýannamada howa hüjümi berk ýazgaryldy.
Beýannamada “Hüjümlerde çagalar bilen birlikde asuda ilatyň ýitgi çekmegini kabul etmeýäris. Hüjümden soň sebitde dartgynlygyň artmagyna alada bildirýäris. Ady agzalýan wakalaryň täze çaknyşyga öwrülmezden bes edilmegi üçin çagyryş berýäris” diýildi.
Ysraýylyň goşuny basyp alyşlyk astyndaky Gaza sektorynda Yslamy Jihad hereketine degişli merkezlere hüjüm gurandygyny mälim etdi.
Palestinanyň Saglygy goraýyş ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Ysraýylyň Gaza guran hüjüminde 5 ýaşyndaky çaga bilen birlikde palestinaly 10 adamyň ýogalandygy, 55 adamyň ýaralanandygy nygtaldy.
Degişli Habarlar
Awstriýanyň Daşary Işler Ministri Türkiýede Saparda Bolýar
Myhman ministr saparynyň çäginde Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýa bilen duşuşdy.