Erdogan Atatürkiň Aramgähine Gül Desselerini Goýdy

Prezidentiň ýolbaşçylyk egmegindäki Ýokary harby geňeşiň agzalary Ankarada Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy M. K. Atatürkiň aramgähini zyýarat etdi.

1863686
Erdogan Atatürkiň Aramgähine Gül Desselerini Goýdy

Erdogan ol ýerde Aramgähiň ýörite kitapbyna öz ýatlama sözlerini ýazdy.

Erdogan: “Eziz Atatürk! Geňeşiň agzalary bilen 2022-nji ýylyň maslahaty mynasybetli siziň huzuryňyza geldik. Siziň aly hezretiňizi we gahryman şehitlerimizi hormat bilen hatyralaýarys, geňeşiň maslahatynyň düşümli bolmagyny arzuw edýärin. Bize amanat eden Türkiýe Respublikasy döwletiňiz gyzgyn çaknyşyklaryň başdan geçirilýän günlerinde sebitiniň durnuklylyk hem-de ynam binasy ýaly beýgelmäge dowam edýär.

Gahryman goşunymyz borçlaryna jogapkärçilikli çemeleşip, egilşiksiz we gahduwsyz batyrgaýlygy hem-de demokratik kadalara wepalylygy bilen milletimizde ynam döredýär. Terrorizme garşy göreşde serhetaşa operasiýalara çenli dürli frontlarda gazanylan ähli üstünlikler Türk ýaragly güýçleriniň güýjüni, pozisiýasyny we ukyplaryny aç-açan görkezýär. Ruhuň şat bolsun!” diýip ýazdy.

 



Degişli Habarlar