"Erdogan Nobel Parahatçylyk baýragyna dalaşgär hökmünde hödürlenmäge mynasypdyr"

Zakheim, "The Hill" gazedi üçin "Türkiýäniň Prezident Erdoganyň ýeňişi" atly makala ýazdy

1861646
"Erdogan Nobel Parahatçylyk baýragyna dalaşgär hökmünde hödürlenmäge mynasypdyr"

ABŞ-nyň Goranmak ministrliginiň (Pentagon) ozalky geňeşçilerinden Dow S. Zakheim, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň Nobel Parahatçylyk baýragyna dalaşgär hökmünde hödürlenmäge mynasypdygyny beýan etdi. 

Käbir analitiki guramalarynda analitik bolup işleýän Zakheim, "The Hill" gazedi üçin "Türkiýäniň Prezident Erdoganyň ýeňişi" atly makala ýazdy. 

Zakheim makalasynda: "Erdogan Russiýanyň we Ukrainanyň arasynda Gara deňizdäki portlaryň üsti bilen Ukrainadan galla eksportyna rugsat berjek bir ylalaşyga araçylyk edip bildi" diýip belledi. 

Russiýanyň Ukrainanyň gallasynyň eksportyna böwet bolmagy netijesinde 22 million tonna gallanyň eksport edilip bilinmändigini we Russiýa bilen Kiýewiň arasynda minalaryň saplanmagy babatynda düşünişmezçilikleriň başdan geçirilendigini aýdan Zakheim: "Şonuň netijesinde azyk harytlaryň bahalary halkara derejede gymmatlady we millionlarça adam açlyk howpy bilen ýüz-ýüze geldi. Ol bolsa Ýewropa üçin täze bir köpçülikleýin immigrasiýa howpyny döretdi" diýip belledi. 

Zakheim, Stambulda baglaşylan galla ylalaşyk resminamasy bilen Russiýanyň daşary ýurda azyk we dökün çykaryp biljekdigini belläp: "Bu ylalaşyk halas ediji bir ylalaşykdy" diýip nygtady. 

Prezident Erdoganyň Stambuldaky galla ylalaşygynyň baglaşylmagynda eýelän roly bilen uly öwgä eýe bolandygyny aýdan Zakheim: "Galla ylalaşygynyň Türkiýäniň Prezident Erdogan üçin uly bir ýeňiş bolandygyna şübhe ýok" diýip aýtdy. 

Zakheim Prezident Erdoganyň söweşde bolmaklaryna garamazdan hem Ukraina hem-de Russiýa bilen gowy gatnaşyklar saklap, ylalaşygyň durmuşa geçirilmegini itergi berendigini belläp: "Erdogan iň azyndan Nobel Parahatçylyk baýragyna dalaşgär hökmünde hödürlenmäge mynasypdyr" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar