Türkiýe, Eýrana Gynanç Bildirdi

Eýrandaky sil apatynda ýogalanlara uly gynanç bildirildi

1861366
Türkiýe, Eýrana Gynanç Bildirdi

Türkiýe, Eýranyň paýtagty Tähranyň golaýyndaky obalara ýaramaz täsirini ýetiren aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen sil apatynda ýogalanlar üçin gynanç bildirdi.

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Eýrandaky sil apatynda ýogalanlara uly gynanç bildirildi.

Beýannamada, “Dost we doganlyk ýurt eýranyň halkyna we hökümetine duýgudaşlyk bildirýäris, sil apatynda ýogalanlara Alladan rehnet, hossarlaryna gynanç bildirýäris we ýaralananlara şypa dileýäris” diýildi.

Tähranyň golaýyndaky obalara ýaramaz täsirini ýetiren aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen sil apatynda birnäçe adam ýogalypdy.

 



Degişli Habarlar