Hulusi Akar Ukrainanyň Infrastruktura ministri Kubrakow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar Ukrainanyň Infrastruktura ministri Oleksandr Kubrakow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1860414
Hulusi Akar Ukrainanyň Infrastruktura ministri Kubrakow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Akar we Kubrakowyň arasynda geçen telefon söhbetdeşliginde, Ukrainanyň gallasy üçin döredilen Bilelikdäki koordinasiýa merkeziniň açylmagyna kanagatlanma bildirilendigi habar berildi.

Telefon söhbetdeşliginde mundan başgada galla eksportynyň şu hepdäniň içinde başlamagy bilen bagly taýarlyklaryň ele alynandygy we eksportyň çäginde ikitaraplaýyn häsýetdäki goldawyň we koordinasiýanyň dowam etmegi babatynda pikir alyşylandygy aýan edildi. 



Degişli Habarlar