“Stambulda Utgaşyklyk Merkeziniň Döredilmegi Barasynda Ylalaşyk Gazanyldy”

Akar, Stambul şäherinde geçirlen maslahat hakynda maglumat berdi.

1855054
“Stambulda Utgaşyklyk Merkeziniň Döredilmegi Barasynda Ylalaşyk Gazanyldy”

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Ukrainanyň portlarynda garaşýan gallanyň daşalmagy meselesinde geçirlen dörttaraplaýyn maslahatda taraplaryň wekilleriniň gatnaşmagynda Stambulda utgaşyklyk merkeziniň döredilmegi barasynda ylalaşyk gazanylandygyny belledi.

Hulusi Akar, Türkiýäniň, Russiýanyň we Ukrainanyň harby wekiliýetleri bilen BMG-nyň wekilleriniň arasynda düýn Stambul şäherinde geçirlen maslahat hakynda maglumat berdi.

Maslahatyň netijeli ýagdaýda geçendigini nygtan Akar, “Stambulda taraplaryň wekilleriniň gatnaşmagynda utgaşyklyk merkeziniň döredilmegi, gallanyň portdan çykarylmagyndan barjak portuna çenli ähli nokatlaryň gözegçilik astyna alynmagy we howpsyzlygyň üpjün edilmegi ýaly meselelerde ylalaşyk gazanyldy”diýdi.

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Türkiýäniň sebitiň we dünýäniň parahatçylygyna goşant goşmaga we azyk krizisiň çözülmegi üçin öz üstüne düşýän jogapkärçiligini ýerine ýetirmäge dowam etjekdigini nygtady.



Degişli Habarlar