Prezident Erdogan Ermenistanyň Premýer ministri Paşinýan bilen söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1854487
Prezident Erdogan Ermenistanyň Premýer ministri Paşinýan bilen söhbetdeş boldy

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä telefon söhbetdeşliginde Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogany Gurban baýramy bilen gutlady. 

Prezident Erdogan hem golaýlap gelýän Wardawar baýramy mynasybetli Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýany gutlady. 

Iki lider telefon söhbetdeşliginde sebitdäki parahatçylygyň we durnuklylygyň güýçlenmegine goşant goşjak Türkiýe bilen Ermenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn kadalaşma tapgyryna berýän ähmiýetlerini belläp geçdiler. 

Erdogan we Paşinýan şol çäkde ýörite wekilleriň 1-nji iýulda geçiren gepleşiklerinde gazanan ylalaşyklary boýunça ýakyn wagtda durmuşa geçirilmäge başlanmagy baradaky tamalaryny nygtap geçdiler. 



Degişli Habarlar