Türkiýe Şri-Lankadaky hadysalar barada beýannama berdi

Türkiýe Şri-Lanka döwletinde dowam edýän protest aksiýalarynda artan zorlukly wakalara alada bildirýändigini habar berdi

1854114
Türkiýe Şri-Lankadaky hadysalar barada beýannama berdi

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda: "Şri-Lankada başdan geçirilýän wakalara we dowam edýän protest aksiýalarynda artan zorlukly hadysalara alada bildirýäris. Ýurduň başyndan geçirýän düýpli syýasy we ykdysady meseleleriň köpçülikleýin ylalaşyk arkaly çözülip bilinjekdigine ynanýarys. Bu tapgyrda ähli taraplara takatlyk bilen hereket etmekleri we zorlukly hereketlerden saklanmak barada çagyryş berýäris" diýip mälim edildi. 

Taryhynyň iň uly ykdysady krizisini başyndan geçirýän ýurtda, Premýer ministr Ranil Wikremesingheniň wezipesinden çekilmäge taýardygyny aýtmagyndan birnäçe sagat soň, demonstrantlar Premýer ministrlik binasyny girip, binany ýakdylar. 



Degişli Habarlar