TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop üç aýry ýurduň mejlisleriniň başlyklary bilen gürrüňdeş boldy

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) başlygy Mustafa Şentop, 3 aýry ýurduň mejlisleriniň başlyklary bilen Gurban baýramy mynasybetli telefon arkaly söhbetdeş boldy

1854122
TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop üç aýry ýurduň mejlisleriniň başlyklary bilen gürrüňdeş boldy

TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop Yragyň Wekiller mejlisiniň başlygy Muhammed Halbusi, Saud Arabystanynyň Şura mejlisiniň başlygy Abdullah bin Muhammed Al Şeýh we DKTR-nyň Respublika mejlisiniň başlygy Zorlu Töre bilen telefon arkaly gürrüňdeş boldy. 

Kärdeşlerini we ýurtlarynyň halklaryny Gurban baýramy bilen gutlan Mustafa Şentop, Gurban baýramynyň bütin Yslam älemine we bütin adamzada saglyk, abadançylyk, asudalyk we parahatçylyk getirmegini diledi. 

Telefon söhbetdeşliklerinde gutlaglar bilen birlikde şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklar, parlamentara hyzmatdaşlyk, sebitleýin we global syýasy hadysalar ara alynyp maslahatlaşyldy. 



Degişli Habarlar