Türkiýe we Saud Arabystanyň umumy jarnama çap etdiler

Umumy jarnamada kazyýet, ylym, syýahatçylyk, raýat awiasiýa, milli howpsuzlyk, energetika we klimat çalşygyna garşy göreş ugurlarynda hyzmatdaşlygyň artdyryljakdygy beýan edildi

1847087
Türkiýe we Saud Arabystanyň umumy jarnama çap etdiler

Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň resmi sapar bilen Türkiýä gelen Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed bin Selman bilen geçiren ikiçäk duşuşygyndan soň, iki ýurdyň gol çekmeginde umumy jarnama çap edildi. 

Türkiýe-Saud Arabystany umumy jarnamasynda: "Geçirilen duşuşyklarda syýasy, ykdysadyýet, harby, howpsuzlyk bilen birlikde ikitaraplaýyn gatnaşyklarda täze hyzmatdaşlyk döwrüniň başlamagynda tutanýerlilik nygtalyp geçildi" diýip habar berildi. 

Taraplaryň sebitiň gelejegine hyzmat etmek maksady bilen taryhy doganlyk gatnaşyklarynyň esasynda hyzmatdaşlygyny dowam etdirmek tutanýerliliginiň nygtalyp geçilen umumy jarnamada, söwda gatnaşyklarynyň ýeňilleşdirilmegi, maýa goýum mümkinçilikleriniň gözden geçirilmegi, olaryň anyk hyzmatdaşlyga öwrülmegi üçin aragatnaşygyň artdyrylmagynyň maslahatlaşylandygy aýan edildi. 

Umumy jarnamada kazyýet, ylym, syýahatçylyk, raýat awiasiýa, milli howpsuzlyk, energetika we klimat çalşygyna garşy göreş ugurlarynda hyzmatdaşlygyň artdyryljakdygy beýan edildi. 

Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed bin Selman, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň hoşniýetli myhmansöýerligi we saparynyň dowamynda özüne we wekiliýetine görkezilen ýakynlyk üçin minnetdarlyk bildirdi. 



Degişli Habarlar