Erdogan Ähli Mümkinçilikleriň Ýaşlar Üçin Mobilizländiklerini Aýtdy

Prezident R.T.Erdogan gelejegiň Türkiýesini çagalaryň we ýaşlaryň gurjakdygyny beýan edip, ähli mümkinçilikleriň ylym we bilim üçin mobilizlenendigini aýtdy.

1844911
Erdogan Ähli Mümkinçilikleriň Ýaşlar Üçin Mobilizländiklerini Aýtdy

Prezident Erdogan Stambulyň Üsküdar etrabynyň Felek stadionynda 2021-2022-nji okuw ýylynyn gutardyş dabarasynda çykyş etdi.

Türkiýäniň ýagty gelejegine bolan umytlaryň güýçlenendigini beýan eden Erdogan; “Okuwçy sany taýdan alynky orunlarda durýandygymyza garamazdan halkara hil taýdan hem ýokary ösüş eden ýurtlardan biri bolduk” diýdi.

Bilimiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen köpugurly göreşiň dowam edýändigini beýan eden Erdogan, taýýarlan býujetlerinde iň uly paýy bilime bölüp berendiklerini nygtady.

“Her okuw ýylynyn ahyrynda açyk zehinli, giň gözýetimli, bilimli nesilleriň ýetişýändigini görmegiň bagtyýarlygyny ýene-de bir gezek başdan geçirýäris” diýen Erdogan; “Gelejegiň inženerleri, lukmanlary, mugallymlary şu gün okuw ýylyny tamamlan çagalarymyzyň arasynda çykar. Gelejegiň Türkiýesini gözleriniň nury ýüregimizi ýyladýan bu çagalar, ýaşlar gurar. Şonuň üçin 20 ýyldan bäri bilim diýip gelýäris. Ähli mümkinçiliklerimizi ylym-bilim üçin mobilizleýäris” diýdi.

 



Degişli Habarlar