Erdogan Adalat we ösüş partiýasynyň welaýat başlyklarynyň maslahatynda çykyş etdi

Prezident Erdogan Türkiýäniň 21-nji asyryň beýgelýän ýyldyzlarynyň biridigini belläp: "Umydymyzy ýitirmäliň" diýip beýan etdi

1844567
Erdogan Adalat we  ösüş partiýasynyň welaýat başlyklarynyň maslahatynda çykyş etdi

Ýurdyň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Rejep Taýýip Erdogan paýtagt Ankara şäherinde partiýasynyň Giňeldilen welaýat başlyklarynyň maslahatynda çykyş etdi. 

Adamlaryň soňky 2,5 ýyl bäri taryhynyň iň uly krizisleriniň birini başyndan geçirýändigini, soňky asyryň iň uly saglygy goraýyş krizisi hökmünde häsýetlendirilen täze görnüş koronawirus epidemiýasynyň dünýädäki deňagramlylyklary bozandygyny, önümçiligiň togtandygyny, global söwdanyň ençeme aý durmak nokadyna gelendigini, ösün ýurtlar bilen birlikde her kime ýaramaz täsir ýetirendigini aýdan Prezident Erdogan: "Türkiýe epidemiýa krizisini ähli taraplaýyn dolandyryp bilen ýurt hökmünde hiç bir raýatymyzy gözden düşürmedi. Derman tapmandygy üçin ýogalan hiç bir raýatymyz ýok. Ykdysady taýdan bizden has baý bolan ýurtlarda başdan geçirilenler Alla şükür bizde bolmady" diýip habar berdi. 

Ykdysadyýetde önümçiligi duruzmandyklaryny, hat-da önümçiligi dowam etdirendiklerini, geçen ýyl ýurdyň taryhynyň iň ýokary eksport görkezijilerine ýetendiklerini aýdan Erdogan: "Täze üstünlik hekaýalary bilen çagalarymyza goýup gitjek Türkiýäniň daşlaryny örmäge dowam ederis. Türkiýe 21-nji asyryň beýgelýän ýyldyzlarynyň biri bolar. Umydymyzy ýitirmäliň" diýip belledi. 



Degişli Habarlar