Siriýanyň demirgazygynda PKK/ÝPG-e agza 7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Siriýanyň demirgazygyndaky Zeýtun Şahajygy we Ýewfrat Galkany sebitlerinde ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-e agza 7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
2136016
![Siriýanyň demirgazygynda PKK/ÝPG-e agza 7 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/51e9/1b0a/2ce7/6336e4ad48343.jpg?time=1722045670)
Türkiyäniň Milli Goranmak ministrliginiň sosial media hasabyndan berilen beýanatda: "Terrorçylaryň hüjümlerine artykmajy bilen jogap bermäge dowam edýäris. Gahryman Türkiyäniň Ýaragly güýçleri Siriýanyň demirgazygyndaky Zeýtun Şahajygy we Ýewfrat Galkany sebitlerinde asudalyk we howpsuzlyk gurşawyny bozmak üçin hüjüm guran PKK/ÝPG-e agza 7 terrorçyny täsirsiz ýagdaýa getirdi. Terrory gözbaşynda ýok etmekde erjeldiris, tutanýerlidiris" diýip habar berildi.