“Türkiye” Adynyň Ulanylmagy Boýunça NATO Resminama Ugradyldy

Türkiýe daşary ýurt dillerinde “Türkiye” adynyň ulanylmagy boýunça NATO resminama ugratdy.

1838963
“Türkiye” Adynyň Ulanylmagy Boýunça NATO Resminama Ugradyldy

Bu barasynda Türkiýäniň NATO-nyň ýanyndaky hemişelik Wekilhanasy geçen hepde NATO-nyň baş Sekretary Ýens Stoltenberge hat ugratdy.

Hatda daşary ýurt dillerinde “Türkiye” adynyň ulanylmagy hakynda maglumat berildi.

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly BMG-niň baş Sekretarlygyna geçen hepde ugradan hatynda Türkiýäni BMG-niň derejesindedaşary ýurtlardaky adynyň “Türkiye” hökmünde ykrar edilendigini beýa edipdi.

BMG hem Türkiýäni talabyndan soň Turkey” hökmünde ulanylýan ýurduň adyny “Türkiye” görnüşinde üýtgedipdi.

Türkiýe şondan soň ÝB-niň düzümleriniň degişli bölümlerine hem nota ugradyp, mundan beýläk daşary ýurt dillerinde “Türkiye” adynyň ulanyljakdygyny beýan edipdi.



Degişli Habarlar