Daşary Işler Ministri Çawuşogly Ertir Rus kärdeşi Bilen Duşuşar

Lawrowyň ertir paýtagt Ankarada kärdeşi Çawuşogly bilen duşuşjakdygy nygtaldy.

1839282
Daşary Işler Ministri Çawuşogly Ertir Rus kärdeşi Bilen Duşuşar

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ertir Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşar.

Russiýanyň Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýannamada, Lawrowyň ertir paýtagt Ankarada kärdeşi Çawuşogly bilen duşuşjakdygy nygtaldy.

Duşuşykda özara gatnaşyklaryň ara alnyp maslahatlaşyljakdygy bellenildi.

Beýannamada “Russiýa bilen Türkiýäniň arasyndaky syýasy dialog şu ýyl güýçlenmek bilem dowam etdi. Iki ýurduň arasynda guralýan ýokary derejeli saparlar dowam edýär. Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Putin bilen Prezident Erdogan täze ýyldan bäri 9 gezek telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi”diýildi.

Beýannamada, Russiýanyň we Türkiýäniň ministrlikleriniň we degişli guramalarynyň arasyndaky aragatnaşygyň dowam edýändigine üns çekildi.

Beýannamada, “Ministrleriň duşuşygynda, Ukrainada, Günorta Kawkazda, Ýakyn Gündogarda, Demirgazyk Afrikada, Orta Aziýada we Garadeňiz sebitinde başdan geçirilýän soňky wakalar ara alnyp maslahatlaşylar. Iki kärdeş Ukraina krizisi, Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky parahatçylyk gepleşikleriniň ýaňadandan başlamagy hakynda hem pikir alyşar”diýildi.

 

 

 



Degişli Habarlar