Milli Goranmak Ministri Akar, Pakistanly Kärdeşi Bilen Duşuşdy

Iki kärdeş garşylama dabarasyndan soň özara duşuşyk geçirdi we toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk etdi.

1836214
Milli Goranmak Ministri Akar, Pakistanly Kärdeşi Bilen Duşuşdy

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Pakistanyň Goranmak ministri Khawaža Muhammed Asif bilen paýtagt Ankarada duşuşdy.

Akar, Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şerifiň Türkiýä guraýan resmi saparynyň çäginde Ankara gelen Asifi Milli Goranmak ministrliginde harby dabara bilen garşylady.

Iki kärdeş garşylama dabarasyndan soň özara duşuşyk geçirdi we toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk etdi.

Gepleşiklerde iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklar, sebitleýin goranyş we howpsyzlyk, goranyş senagaty pudagynda ediljek hyzmatdaşlyk ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministr Akar, Türkiýe bilen Pakistanyň arasyndaky harby hyzmatdaşlygyň pugtalanmak bilen dowam etjekdigini belledi.

 

 



Degişli Habarlar