Şahbaz Şerif Türkiýä Resmi Sapar Gurar

Pakistanda aprel aýynda Mejlisde geçirilen sese goýulşykda ýurduň 23-nji premýer-ministrligine saýlanan Şahbaz Şerif şu gün resmi sapar bilen Türkiýä geler.

1835427
Şahbaz Şerif Türkiýä Resmi Sapar Gurar

Prezident R.T.Erdogan tarapyndan resmi dabara bilen garşylanjak Şerif Ankarada resmi duşuşyklar geçirer.

Liderleriň özara we toparara duşuşyklarynda Türkiýe-Pakistan Ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk Geňşiniň 7-nji maslahaty geçiriler.

Duşuşyklarda Türkiýäniň çuň taryhy, dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna eý ebolan Pakistan bilen gatnaşyklary ähli taraplaýyn seljeriler, özara hyzmatdaşlygyň hasam ösdürilmegi boýunça pikir alyşylar.

Şol çäkde 2023-nji ýylda 5 milliard dollarlyk özara söwda mukdaryna ýetilmegi üçin ediljek başlangyçlar seljeriler, iki ýurduň arasynda goranyş senahaty boýunça edilýän hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi boýunça bar bolan şertler gözden geçiriler.

Duşuşyklarda 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşininiň bes edilmegi üçin edilýän diplomatik tagallalar gün tertibine geler.

 



Degişli Habarlar