Prezident Erdogan Azerbaýjan saparyndan soň metbugata beýanat berdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Ysraýyl bilen tebigy gaz hyzmatdaşlygy babatynda, Türkiýäniň täze buraw gämisi we seýismiki ylmy-derňew gämileriniň Ortaýer deňizinde kesgitlän ýerleriniň bardygyny habar berdi

1834313
Prezident Erdogan Azerbaýjan saparyndan soň metbugata beýanat berdi

Prezident Erdogan Azerbaýjana guran saparyndan gaýdyşyn uçarda metbugat işgärleriniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly soraglaryna jogap berdi. 

Türkiýäniň täze buraw gämisi we seýismiki ylmy-derňew gämileriniň Ortaýer deňizinde kesgitlän ýerlerinde iş alyp barjakdygyny aýdan Erdogan: "Tebigy gaz babatynda Ysraýyl bilen şolar ýaly ädim etmek babatynda Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministrimiziň we ysraýylly resmileriň arasynda gepleşikler geçiriler. Şolar ýaly görnüşli ädim etmek babatynda häzirki wagtda Daşary işler ministrimiziň bize bildiren maglumatyna ser salan mahalymyz, taýardyklaryny aýdýarlar we şol çäkde işlerimizi dowam etdireris" diýip mälim etdi. 

Türkiýe-Ysraýyl gatnaşyklaryny has položitel nokada ýetirmegiň ädimlerini şeýle göçümler bilen etjekdiklerini aýdan Erdogan, häzirki wagtda mesele bilen bagly garaýyşlaryň oňyndygyny, dilegleriniň bolsa bu ugurdaky işleri tiz wagtda tamamlamakdygyny beýan etdi. 



Degişli Habarlar