Erdogan: "Şwesiýanyň Türkiýä garşy girizen çäklendirmeleri aýrylmaly" diýdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Şwesiýanyň Türkiýä garşy girizen çäklendirmeleriniň aýrylmalydygyny beýan etdi

1830164
Erdogan: "Şwesiýanyň Türkiýä garşy girizen çäklendirmeleri aýrylmaly" diýdi

Prezident Erdogan Şwesiýanyň Premýer ministri Magdalena Andersson bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Telefon söhbetdeşliginde iki ýurdyň arasyndaky gatnaşyklar we Şwesiýanyň NATO agzalygy bilen bagly ýüz tutmasy ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Prezident Erdogan Şwesiýanyň Premýer ministri Magdalena Andersson, ýurdunyň terror guramalaryna berýän syýasy, maliýe we ýarag taýdan goldawynyň bes edilmeginiň gerekdigini habar berdi. 

Siriýanyň demirgazygynda Türkiýäniň Ýaragly güýçleri tarapyndan geçirilen Parahatçylyk Çeşmesi operasiýasyndan soň Şwesiýanyň goranyş senagaty ugrundaky Türkiýä garşy girizen çäklendirmeleriniň aýyrlmagynyň gerekdigini aýdan Erdogan, bu ýurtdan ekstremist terror guramasy PKK we guramanyň Siriýadaky we Yrakdaky şahalary taýdan Türkiýäniň aladalary bilen bagly anyk ädimleriniň edilmegine garaşýandyklaryny mälim etdi. 



Degişli Habarlar