Prezident Erdogan Şwesiýa we Finlýandiýa reaksiýa bildirdi

Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň Daşary işler ministrleri Ann Linde we Pekka Haawisto ýurtlarynyň NATO agza bolmak bilen bagly gepleşikler geçirmek üçin Türkiýä sapar gurajakdyklaryny habar beripdiler

1827897
Prezident Erdogan Şwesiýa we Finlýandiýa reaksiýa bildirdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, NATO agzalyk tapgyry bilen baglanşykly gepleşikler geçirmek maksady bilen duşenbe güni Türkiýe geljekdigi beýan edilen Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň wekiliýetleri bilen baglanşykly: “Bizi razy etmek üçin geljeklermi, gaty görmesinler, özlerini ýadatmasynlar” diýip nygtady.

Prezident Erdogan, resmi sapar bilen Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherine gelen Alžiriň Prezidenti Abdülmejid Tebbun bilen bilelikde geçiren metbugat ýygnagynda söz sözledi.

Prezident Erdogan Şwesiýa we Finlýandiýa bilen bagly: “Ýurtlaryň ikisi hem terror guramalaryna garşy açyk we anyk pozisiýa eýelemeýär. Duşenbe güni Türkiýä geljekmişinler. Bizi razy etmek üçin geljeklermi, gaty görmesinler, özlerini ýadatmasynlar. Ähli zatdan ozal Türkiýä sanksiýa goýanlaryň bu tapgyryň çäginde bir howpsuzlyk guramasy bolan NATO agza bolmaklaryny biz goldamarys” diýip nygtady.

Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň Daşary işler ministrleri Ann Linde we Pekka Haawisto ýurtlarynyň NATO agza bolmak bilen bagly gepleşikler geçirmek üçin Türkiýä sapar gurajakdyklaryny habar beripdiler.



Degişli Habarlar