Gazagystanyň Prezidenti Türkiýä geldi

Gazagystanyň Prezidenti Kasym Žomart Tokaýew, 2 gün dowam etjek resmi sapar bilen Türkiýä geldi

1824726
Gazagystanyň Prezidenti Türkiýä geldi

Gazagystanyň Prezidenti Kasym Žomart Tokaýewi, Ankara Esenboga howa menzilinde Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, welaýat we şäher häkimlikleriniň resmileri, Türkiýäniň Nor-Soltan şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ufuk Ekiji we Gazagystanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Ýerkebulan Sapiýew garşylady. 

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Gazagystanyň Prezidenti Kasym Žomart Tokaýewi Prezidentiň kompleksinde resmi dabara bilen garşylar. 

Erdogan-Tokaýew geçirjek duşuşyklarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ählitaraplaýyn maslahatlaşarlar. 

Geçiriljek duşuşykda güntertibiniň ileri tutulýan ugry ykdysadyýet bolar, iki ýurdyň arasynda 10 milliard dollar söwda mukdaryna ýetilmegi üçin edilmeli ädimler gözden geçiriler, syýahatçylyk, energetika, saglygy goraýyş we goranyş senagaty ýaly ugurlar boýunça hem hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alynyp maslahatlaşylar. 

Iki lider sebitleýin hadysalaryň çäginde Türki Döwletler Guramasynyň çäginde alynyp barylýan işleri ele alarlar, öňümizdäki döwürde ediljek işleriň üstünde durup geçerler. 

24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky söweş hem maslahatlaşyljak ugurlaryň biri bolar. 

Erdogan Türkiýäniň söweşiň bes edilmegi üçin alyp barýan işleri barada kärdeşine maglumat berer. 



Degişli Habarlar