Prezident Erdogan Halkara Eneler güni mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan Halkara Eneler güni mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

1823600
Prezident Erdogan Halkara Eneler güni mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

Prezident Erdogan gutlag ýüzlenmesinde: "Söýgi, zähmet, pidakrlik ýaly beýik häsýetleriň alamatlary bolan enelerimiziň Halkara Eneler gününi gutlaýaryn" diýip belledi. 

"Enelere berilýän ähmiýedi Jennediň eneleriň aýagynyň aşagyndadygyny aýdýan bir medeniýetiň agzalary hökmünde biz üçin eneler mähirli bir gaçybatalgadyr" diýip aýdan Prezident Erdogan: "Gündelik ýaşaýyş göreşimizde eneleriň edýän doga-dilegleriniň, iň möhüm güýç çeşmämiziň biridigini asla ýatdan çykarmaly däldiris, mynasyp bolan hormatdan we söýgiden mahrum etmeli däldiris. Başymyzyň täji enelerimizden hem dilegimiz çagalary, ýurdumyz, milletimiz barada edýän ýagşy dileg-dogalaryny we zähmetlerini azaltmazlyklarydyr. Hemişe hormadyň iň beýigine laýyk bolan, ömürlerini maşgalalaryna bagyş eden enelerimiziň-ejelerimiziň Eneler gününi gutlaýaryn, aradan çykan ähli enelerimizi uly hormat bilen ýatlap geçýärin" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar