Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Ekstremist terror guramasy PKK-a garşy Yragyň demirgazygynda dowam etdirilýän Penje Gulp atly operasiýada 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1821720
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda, Penje-Gulp operasiýasynyň meýilleşdirilşi ýaly üstünlikli ýagdaýda dowam edýändigi mälim edildi. 

Terrorçylaryň gaçybatalgalary, gowaklary we ok-däri ammarlary artilleriýa tarapyndan nyşana alynandygy bellenen beýanatda: "Sebitde ýene-de 2 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi we şeýlelik bilen täsirsiz ýagdaýa getirilenleriň sany 63 terrorça ýetdi" diýip aýan edildi. 

Ministrlik tarapyndan berilen başga bir beýanatda bolsa Siriýanyň demirgazygynda Parahatçylyk Çeşmesi sebitine hüjüm guramak üçin taýarlyk görendikleri anyklanan PKK/ÝPG-e agza 3 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi mälim edildi. 

Beýanatda: "Türkiýäniň Ýaragly güýçleri terrorçylara garşy täsirli we tutanýerli göreş alyp barýar" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar