Hulusi Akar, Russiýanyň Goranmak Ministri Şoýgu Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Akar, sebitde asudalygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin hüjümleriň gyssagly bes edimeginiň ähmiýetine ünsi çekdi.

1821532
Hulusi Akar, Russiýanyň Goranmak Ministri Şoýgu Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu bilen telefon arkaly söhetbetdeşlik geçirdi.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannama görä, Akar telefon söhbetdeşliginde, ynsanperwer geçelgeleriň açylmagy we sebitde asudalygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegi üçin hüjümleriň gyssagly bes edimeginiň ähmiýetine ünsi çekdi.

Ministr Akar Mariupol şäheriniň başda durmagynda beýleki şäherlerdäki asuda ilatyň gyssagly şäherden çykarylmalydygyny belledi.

Hulusi Akar, ynsanperwer kömek meselesinde ähli taraplaýyn goldaw bermäge çalyşýan Türkiýäniň mundan soň hem öz üstüne düşýän jogapkärçiligi ýerine ýetirmäge dowam etjekdigini nygtady.

 



Degişli Habarlar