Prezident Erdogan: "Çözgüt nokadynyň Türkiýe boljakdygyna ynanýaryn" diýdi

Prezident Erdogan Russiýa-Ukraina söweşi bilen bagly: "Esasan hem Ukrainanyň gündogary bilen baglanşykly ediljek ädimleriň çözgüt nokadynyň Türkiýe boljakdygyna ynanýaryn" diýdi

1821267
Prezident Erdogan: "Çözgüt nokadynyň Türkiýe boljakdygyna ynanýaryn" diýdi

Prezident Erdogan, Oraza baýramynyň namazyny Stambul şäherindäki Beýik Çamlyja metjidinde okanyndan soň, metbugat işgärleriniň soraglaryna jogap berdi. 

Erdogan Russiýa-Ukraina gepleşikleri bilen baglanşykly öňümizdäki tapgyrda Stambulda maslahatyň bolup-bolmajakdygy bilen bagly soraga: "Şenbe güni meniň geňeşçim, ilçi Ibrahim Kalyn beg we şol bir wagtda Daşary işler ministriniň orunbasary Sedat Önal beg Kiýewe gitdiler. Kiýewde duşuşyklar geçirdiler. Hem Zelenskiý bilen, hem-de söhbetdeşleri bilen geçiren duşuşyklarynda, olardan käbir kepillikleri aldylar we üstümizdäki hepde men Russiýanyň Döwlet baştutany hormatly Wladimir Putin bilen söhbetdeşlik geçirerin. Ibrahim beg hem öz gezeginde hormatly Uşakow bilen söhbetdeş bolar. Geçiriljek söhbetdeşliklerde gepleşikler tapgyryny nähili ýagdaýda tizleşdirip biljekdigimizi, ol ýerdäki, mysal üçin Mariupoldaky ähli ewakuasiýany nähili çaltlandyryp biljekdigimizi,  bu işiň hötdesinden nädip gelip biljekdigimizi ara alyp maslahatlaşarys" diýip habar berdi. 

Prezident Erdogan: "Beýleki tarapdan bolsa hem Ukraina tarapy hem-de Russiýa tarapy galla eksportyndan bizden olara goldaw berilmegini isleýärler. Bu meseleleri hormatly Putin bilen maslahatlaşyp, onuň hem öňüni açmagy maksat edinýäris. Emma ilki bilen esasan hem ewakuasiýa tapgyrynyň çaltlandyrylmagy tapgyry babatynda her dürli ädim edýäris, nesip bolsa mundan soň hem ederis. Elbetde liderleriň bir ýere jemlenmegini maksat edinýäris. Stambulda ýa-da Ankarada liderleri bir ýere jemlemegi tama edýäris. Esasan hem Ukrainanyň gündogary bilen baglanşykly ediljek ädimleriň çözgüt nokadynyň Türkiýe boljakdygyna, Stambul ýa-da Ankara boljakdygyna ynanýaryn" diýip nygtady. 

Erdogan mundan başgada: "Beýleki tarapdan siziň hem bilişiňiz ýaly Pars aýlagy sebiti bilen baglanşykly oňyn hadysalar bar" diýip, "Saud Arabystanyna guran saparymyz nesip bolsa çykalga nokady bolar. Saud Arabystany-Türkiýe gatnaşyklary örän tapawutly bolar. Ony Mirasdar Şazada Muhammed Bin Selman bilen geçiren ikitaraplaýyn duşuşygymyzdada ele aldyk" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar