Erdogan Oraza Baýramy Mynasybetli Habarnama Berdi

Prezident R.T.Erdogan Oraza baýramy mynasybetli sosial media hasabyndan habarnama berdi.

1821305
Erdogan Oraza Baýramy Mynasybetli Habarnama Berdi
emine erdoğan.jpg

Erdogan Twitter hasabyndan beren habarnamasynda; “Rebime millet hökmünde bizi sagdyn we asuda şertlerde Oraza baýramlaryndan ýene-de birine ýetirendigi üçin şükür edýärin. Milletimiz bilen bilelikde daşary ýurtlarda ýaşaýan doganlarymyzyň, kowumdaşlarymyzyň we bütin musulman äleminiň Oraza baýramyny gutlaýaryn” diýip ýazdy.

Prezident Erdoganyň maşgalasy Emine Erdogan hem Oraza baýramy mynasybetli sosial media hasabyndan habarnama berdi.

Emine Erdogan habarnamasynda; “Söýýänlerimizden aýry geçiren baýramlarymyz gutardy. Maşgala bolmaklygyň hakyky gymmatyny, söýmegiň we söýülmegin ähmiýetini görkezýän, asuda baýramçylyk arzuw edýarin, bütin musulman äleminiň hem-de milletimiziň Oraza baýramyny gutlaýaryn” diýip ýazdy.



Degişli Habarlar