TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop Oraza baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

Türkiýäniň Beýik Millet mejlisiniň (TBMM) başlygy Mustafa Şentop türk milletini we Yslam dünýäsini Oraza baýramy bilen gutlady

1821156
TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop Oraza baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi

TBMM-niň başlygy Mustafa Şentop ertir boljak Oraza baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi. 

Gutlag ýüzlenmesinde: "Ýurdyň öz içinde we daşary ýurtlarda ýaşaýan ähli raýatlarymyzy we Yslam dünýäsini Oraza baýramy bilen tüýs ýüregimden gutlaýaryn" diýip aýdan Şentop: "Ýüreklerimizi gözelleşdirýän, ruhlarymyzy inçeldýän, bizi ýene-de bir gezek agzybirlik duýgulary bilen jebisleşdirýän Oraza aýynyň hormat gurşawynyň, bütin dünýäde höküm sürmegini dileg edýäris" diýip belledi.  

Mustafa Şentop, Oraza aýynyň Yslam dünýäsine we bütin adamzada gözellik we bagtyýarlyk getirmegini diledi. 



Degişli Habarlar