Erdogan raýatlary Oraza baýramlary bilen gutlady

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, ertir başlajak Oraza baýramynyň bütin adamzada parahatçylyk, asudalyk we eşret getirmegini diledi

1821124
Erdogan raýatlary Oraza baýramlary bilen gutlady

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, Oraza baýramy bilen bagly gutlag wideo ýüzlenmesini çap etdi. 

Baýramlaryň agzybirligiň we jebisiligiň güýçlenýän, ozaldan bakyýete barýan doganlygyň täzelenýän ýörite günlerdigini aýdan Erdogan: "Milletimiziň ähli agzalaryndan bu Oraza aýyny haýsy köke, ynanja, messebe eýe bolsa bolsun 85 million raýatyň jebis bolup, biri-birlerini bagyşlaýajak uly bir doganlyk dabarasyna öwrülmegini isleýärin. Onuň hötdesinden gelen mahalymyz, aramyzdaky dostlugy we doganlygy berkiden mahalymyz hötdesinden gelip bilmejegimiz kynçylyk ýokdyr" diýip belledi. 

Prezident Erdogan: "Yragyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK-a garşy dowam edýän Penje-Gulp operasiýasy başda bolmak bilen bu baýram günlerinde watanymyzyň durnuklylygy, mileltimiziň asudalygy we abadançylygy üçin serhetlerimiziň çäginde we ondan daşaryda gullyk borçlaryny ýerine ýetirýän gahryman howpsuzlyk güýçlerimize minnetdarlyk bildirýäris. Eziz şehitlerimizi uly hormat bilen hatyralaýaryn, şikes ýeten gahryman harbylarymyza salamymy ugradýaryn. Raýatlarymyz bilen bilelikde daşary ýurtlarda ýaşaýan doganlarymyzyň, kowumdaşlarymyzyň we bütin Yslam dünýäsiniň Oraza baýramyny gutlaýaryn. Baýramyňyz mübärek bolsun" diýip belledi.



Degişli Habarlar