Ömer Çelik Jo Baýdeniň 1915-nji ýyldaky wakalar bilen bagly beýanatyna reaksiýa bildirdi

Ömer Çelik Türkiýäniň adalatly bir pozisiýanyň ýola goýulmagynyň tarapdarydygyny beýan etdi

1817160
Ömer Çelik Jo Baýdeniň 1915-nji ýyldaky wakalar bilen bagly beýanatyna reaksiýa bildirdi

Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň orunbasary we partiýanyň metbugat sekretary Ömer Çelik sosial media hasabyndan beren beýanatynda, ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň 1915-nji ýyldaky hadysalar bilen baglanşykly beýanatynyň taryh we hukuk taýdan esaslarynyň bolmandygyny belläp: "Genosid töhmedini pudaga öwüren lobbileri kanagatlandyrmagy maksat edinýän beýanatynyň hiç hili esasynyň ýokdugyny aýdýarys" diýip habar berdi. 

Ömer Çelik Türkiýäniň adalatly bir pozisiýanyň ýola goýulmagynyň tarapdarydygyny beýan etdi. 

Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň 1915-nji ýyldaky wakalaryň dar syýasy çemeleşmelere enjam edilmän, ylmy häsýetde derňelmegi üçin gerek bolan çemeleşmäni alyp barýandygyny aýdan Ömer Çelik, şol özüne ynamly çemeleşmelere garşy, ermeni lobbisiniň esas edinen beýanatynda hiç hili gowy niýetiň bolmandygyny aýan etdi. 

Ömer Çelik: "Şonuň üstüne Prezident Baýdeniň beýanaty Ermenistan bilen alynyp barylýan kadalaşma tapgyryny sabotaž etjek häsýetdedir" diýip nygtady.  



Degişli Habarlar