Çawuşogly ABŞ-nyň Prezidentiniň 1915-nji ýyldaky wakalar bilen bagly beýanatyna reaksiýa bildirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň 1915-nji ýylda başdan geçirilendigi öňe sürülen toslama ermeni genosidi bilen bagly beýanatyna reaksiýa bildirdi

1817150
Çawuşogly ABŞ-nyň Prezidentiniň 1915-nji ýyldaky wakalar bilen bagly beýanatyna reaksiýa bildirdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Twitter hasabyndan beren beýanatynda, käbir Günbatar döwletleriň liderleriniň soňky günlerde genosidiň diňe kazyýetiň karary bilen kesgitlenip biljekdigini aýdandyklaryny habar berdi. 

Ministr Mewlüt Çawuşogly ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň 1915-nji ýylda başdan geçirilendigi öňe sürülen toslama ermeni genosidi bilen bagly beýanaty barada: "Dogry. Şol bir adamlaryň degişli kazyýetiň resmi karary bolmadan 1915-nji ýyldaky wakalar barada genosid sözüni syýasy sebäpler bilen ulanmaklary bolsa ikiýüzlüligiň iň aýdyň subutnamasydyr" diýip belledi. 



Degişli Habarlar