Yrakdaky we Siriýadaky Operasiýalardan Şehit Habary Geldi

“Penje Gulp” operasiýasynda Kubilaý Çon, “Ýefrat Galkany” operasiýasy zolagynda Aýtaç Altunörs şehit boldy

1816736
Yrakdaky we Siriýadaky Operasiýalardan Şehit Habary Geldi

Yragyň demirgazygynda guralýan “Penje Gulp” operasiýasynda, terrorçylar bilen bolan çaknyşykda esger Kubilaý Çon şehit boldy.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannamada, “Bizi çuňňur gynandyran bu wakada ýoglan eziz şehidimize Alladan rehnet, hossarlaryna, Türk ýaragly güýçlerine we halkymyza gynanç bildirýäris we sabyr dileýäris” diýildi.

Siriýanyň demirgazygyndaky “Ýefrat Galkany” operasiýasy zolagynda bolsa terrorçylar tarapyndan guralan raketa hüjüminde polis gullukçysy Aýtaç Altunörs şehit boldy.

Içeri işler müdürligi tarapyndna berlen beýannamada, polis gullukçysy Aýtaç Altunörsiň “Ýefrat Galkany” operasiýasy zolagynda ýerleşýän Mare Soranda terror guramasy PKK/PÝD-niň gözegçiligi astyndaky sebitden terrorçylar tarapyndan guralan raketa hüjüminde şehit bolandygy nygtaldy.

Beýleki tarapdan Hakkari welaýat häkimliginden berlen beýannamada, ekstremist terror guramasy PKK-a garşy guralan operasiýada 3 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi bellenildi.

 



Degişli Habarlar