Prezident Erdogan Ysraýylly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Iki lider Palestinada ysraýylly radikal toparlaryň we howpsyzlyk güýçleriniň sebäp bolan wakalary hakynda pikir alyşdy.

1814714
Prezident Erdogan Ysraýylly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Prezident R. T. Erdogan, Ysraýylyň Prezidenti Ishak Gersog bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Iki lider telefon söhbetdeşliginde, Palestinada ysraýylly radikal toparlaryň we howpsyzlyk güýçleriniň sebäp bolan wakalary hakynda pikir alyşdy.

Prezident Erdogan sosial mediadan beren habarnamasynda, Gersog bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde, Aksa metjidiniň statusyna we ruhy gymmatlygyna zeper ýetirilmeli däldigine ünsi çekendigini belledi.

Erdogan, telefon söhbetdeşliginde Gersoga, “Remezan aýynyň başyndan bäri Günbatar Şeriada we Aksa metjisinde başdan geçirlen wakalarda 400-den gowrak palestinalynyň ýaralanmagy we çagalar bilen birlikde 18 adamyň ýogalmagy bizi çuňňur gynandyrdy” diýdi.



Degişli Habarlar