“Aksa Metjidinde Başdan Geçirilýän Wakalar Bizi Gynandyrýar”

Prezident Erdogan, ysraýylly esgerleriň Aksa metjidine guran hüjümleri hakynda durup geçdi.

1814163
“Aksa Metjidinde Başdan Geçirilýän Wakalar Bizi Gynandyrýar”

Prezident we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy R. T. Erdogan, partiýasynyň agzalary bilen agzaçarda duşuşdy.

Prezident Erdogan agzaçarda eden çykyşynda, ysraýylly esgerleriň Iýerusalimde Aksa metjidine guran hüjümleri hakynda durup geçdi.

Erdogan “Aksa metjidinde başdan geçirilýan wakalar hakykatdan hem bizi gynandyrýar. Mundan soňky etapda şeýle wakalaryň indi gaýtalanmazlygyny arzuw edýäris” diýdi.

Prezident Erdogan “Palestina we palestinaly doganlarymyza ähli taraplaýyn goldaw bermäge dowam edýäris” diýip belledi.

Ýehudiler, 15-nji aprelde başlan we bir hepde dowam etjek Pasha baýramy mynasibetli Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleriniň goragy astynda bolan Aksa metjidine guraýan operasiýalaryny artdyrýar.

Aksa metjidine guralan operasiýalara garşylyk görkezmäge çalşan palestinalylar bilen Ysraýylyň howpsyzlyk güýçleriniň arasynda dartgynly pursatlar başdan geçirilýär.

 



Degişli Habarlar