Prezident Erdogan agzaçarda esgerler bilen duşuşdy

Erdogan Twitter hasabyndan beýannama berdi

1812017
Prezident Erdogan agzaçarda esgerler bilen duşuşdy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan terrora garşy göreş operasiýalarynda möhüm üstünlikler gazanan Hakkari welaýatynyň Ýüksekowa etrabyndaky 3-nji Pyýada goşun diwiziýasyndaky agzaçara gatnaşdy. 

Naharhananyň öňünde esgerler bilen salamlaşan Prezident Erdogan, Milli Goranmak ministri Hulusi Akar we Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň beýleki serkerdeleri bilen bilelikde okalan aýat-töwirden soň agzyny açdy. 

Erdogan Twitter hasabyndan beren habarnamasynda: "Şu gün agşam Ýüksekowa etrabyndaky 3-nji Pyýada goşun diwiziýasynda Türkiýäniň Ýaragly güýçleriniň serkerdeleri we esgerlerimiz bilen bilelikde agzaçara  gatnaşdyk. Alla her bir esgerimizi ýalkasyn, her birini öz penasynda saklasyn, goý olar her bir göreşinde ýeňiş gazansynlar" diýip ýazdy. 



Degişli Habarlar