Siriýanyň we Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Siriýanyň we Yragyň demirgazygynda ekstremist terror guramasy PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

1810488
Siriýanyň we Yragyň demirgazygynda PKK-a agza 3 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi

Türkiýäniň Milli Goranmak ministrliginden berilen beýanatda: "Terrorçylary hinlerinde ýok etmäge dowam edýäris. Siriýanyň demirgazygyndaky Ýewfrat Galkany operasiýasy sebitinde PKK/ÝPG-e agza 2 terrorçy toplar bilen od açylyp täsirsiz ýagdaýa getirilen bolsa, Yragyň demirgazygyndaky Awaşin sebitinde anyklanan PKK-a agza 1 terrorçy bolsa ýaragly uçarmansyz howa ulagy bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi" diýip habar berildi. 


Etiketkalar: #terrorçy , #Yrak , #Siriýa

Degişli Habarlar