Milli Goranmak Ministri Akar, Rus Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

1809153
Milli Goranmak Ministri Akar, Rus Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannama görä, Şoýgu telefon söhbetdeşliginde, Akar Russiýa bilen Ukrainanyn arasynda diplomatik çözgüdiň tapylmagyna goldaw bermek üçin hüjümleriň gyssagly bes edilmeginiň möhümdigini, Mariupol ýaly şäherlerden asuda ilatyň howpsuz şertlerde ewakuasiýa edilmeginiň ähmiýetini nygtady.

Ministr Akar telefon söhbetdeşliginde ynsanperwe kömek meselesinde ähli goldawy bermäge çalyşýan Türkiýäniň sebitde parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin mundan ozal bolşy ýaly, muň beýläk hem öz borjuny berjaý etjekdigini nygtady.



Degişli Habarlar