Türkiye Buçadaky we Irpindäki Asuda İlatyň Gyrylmagyna Berk Reaksiýa Bildirdi

Türkiye Ukrainanyň paýtagty Kiýewiň golaýyndaky Buça we Irpin şäherlerinde asuda ilatyň öldürilmegi bilen bagly metbugatda çykan fotusuratlaryň we wideo ýazgylaryn “gazaplandyryjy” we “umumy adamzat üçin gynandyryjydygyny” beýan etdi.

1807888
Türkiye Buçadaky we Irpindäki Asuda İlatyň Gyrylmagyna Berk Reaksiýa Bildirdi

Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýannamada; “Kiýewiň golaýyndaky Buça we İrpin şäherleri bilen dürli etrapdyr şaherlerden metbugatda seslenme döreden gyrgynçylygyň delilleri gazaplandyryjy we umumy adamzat gymmatlygy taýdan gynandyryjydyr” diýilip, Türkiye Respublikasynyň ukrain halkynyň gam-gussasyny bölüşýändigi nygtaldy.

“Bigünä ilatyň nyşana alynmagy asla kabul edilmesiz. Meseläniň garaşsyz derňew işi bilen öwrenilip, jogapkärlerin ýüze çykarylmagy we hasap bermegini ýola goýmak esasy tamamyz” diýilýän beýannamada, Türkiýe Respublikasynyň umumy adamzat gymmatlyklary taýdan utandyryjy şeýle wakalaryň gaýtalanmazlygy we parahatçylygyň dessine üpjün edilmegi üçin tagallasyny dowam etdirjekdigi aýdylýar.

1-nji aprelde rus güýçlerinden Buça şäherini halas eden Ukrainanyň goşunlary, şäheriň binalarynyň ýykylandygyny we köçeleriň jesetlerden dolydygyny görüpdi. Kiýewiň golaýynda halas edilen ilatly ýerlerde asuda ilatdan 410 adamyň jesedi tapylypdy.



Degişli Habarlar