Ömer Çelik güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly beýanat berdi

Ömer Çelik metbugat ýygnagyny geçirdi

1807809
Ömer Çelik güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly beýanat berdi

Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň orunbasary we partiýanyň Metbugat geňeşçisi Ömer Çelik, Ukrainanyň Buça şäherinde asuda ilata garşy guralan hüjümler bilen baglanşykly: "Bu rehimsizlik bilen edilen aksiýalaryň netijeli ýagdaýda derňelmegi, jogapkärleriň ýüze çykarylmagy gerek" diýip belledi. 

Ömer Çelik, partiýanyň merezinde ýurdyň Prezidenti we Adalat we ösüş partiýasynyň başlygy Rejep Taýýip Erdoganyň ýolbaşçylygyndaky Merkezi karar we dolandyryş geňeşiniň maslahaty dowam edýärkä metbugat ýygnagyny geçirdi. 

Ömer Çelik, Ukraina babatynda Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň diplomatiýasyny dowam etdirýändigini mälim etdi. 

Prezident Erdoganyň, Russiýanyň we Ukrainanyň Döwlet baştutanlaryna Türkiyede maslahatyň geçirilmegi bilen bagly taýarlyklaryň doly tamamlanandygyny we ýer eýeçilik edip biljekdiklerini ençeme gezek aýdandygyny bellän Ömer Çelik: "Degişli liderleriň maslahatlaşyp biljek bir golýazma garalama taslamasynyň ýüze çykmagy bilen birlikde Stambulda ýa-da Ankarada şol maslahata ýer eýeçiligini edip, dünýäniň şaýat bolan iň elhenç söweşleriň biri bolan bu söweşi bitirmek babatyndaky tagallalarymyzy netiejelendireris diýip umyt edýäris. Elbetde şol çäkde Türkiye Respublikasynyň araçylyk tagallalary her kim tarapyndan takdyr edilýär. Şol bir ýagdaýda Ukraina ugradýan ynsanperwer kömeklerimiz, ynsanperwer koridorlaryň açylmagy babatynda amala aşyran diplomatik tagallalarymyz, ol ýerdäki adamlaryň ölümden halas bolmagy meselesinde we beýleki meselelerde hem oňyn netijeler alynýar" diýip habar berdi. 

Ömer Çelik, Ukrainanyň Buça şäherinde asuda ilata garşy guralan hüjümler bilen baglanşykly: "Birnäçe gün ozal ýüze çykan materiallar örän gynandyryjy, köçelerde elleri daňylyp gyrgyna berilen adamlar, köpçülikleýin mazarlaryň tapylmagy, şol köpçülikleýin mazarlara baglylykda biri-birinden tapawutly ýerlerde şol gyrgynçylyk bilen bagly materiallaryň şoňa ýoldaşlyk etmegi, çagalaryň, zenanlaryň, garrylaryň we asuda ilatyň şol ýagdaýda öldürilmegi örän uly pajygadyr. Bu rehimsizlik bilen edilen aksiýalaryň netijeli ýagdaýda derňelmegi, jogapkärleriň ýüze çykarylmagy gerek" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar