Prezident Erdogan Germaniýanyň Federal Kansleri Şols bilen söhbetdeş boldy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1807137
Prezident Erdogan Germaniýanyň Federal Kansleri Şols bilen söhbetdeş boldy

Kommunikasiýalar edarasyndan berilen beýanata görä telefon söhbetdeşliginde Türkiye-Germaniýa gatnaşyklary we Russiýa-Ukraina söweşi başda bolmak bilen sebitleýin meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy. 

Prezident Erdogan, Türkiye bilen Germaniýanyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmegiň we ýakyn hyzmatdaşlygy ählitaraplaýyn gorap saklamagyň ähmiýetini belläp geçdi. 

Erdogan Ukrainadaky söweşiň bes edilmegi üçin alyp barýan tagallalaryny tutanýerlilik bilen dowam etdirýändiklerini habar berdi. 



Degişli Habarlar