Çawuşogly: "Russiýaly we ukrainaly taraplar ýokary derejeli duşuşyklar geçirip bilerler" diýdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly russiýaly we ukrainaly taraplaryň 1-2 hepdäniň içinde ýokary derejeli duşuşyk geçirip biljekdigini habar berdi

1804994
Çawuşogly: "Russiýaly we ukrainaly taraplar ýokary derejeli duşuşyklar geçirip bilerler" diýdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, hususy telewideniýe kanallaryň birinde güntertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly beýanat berdi. 

Mewlüt Çawuşogly Russiýanyň we Ukrainanyň arasynda hemişelik ylalaşygyň üpjün edilmegi üçin Türkiye Respublikasynyň elinden gelýänini edýändigini habar berdi. 

Stambulda birnäçe gün ozal geçirilen gepleşikleriň dowamynda Daşary işler ministrler derejesinde duşuşygyň geçirilip bilinjekdigini aýdan Çawuşogly: "Şol duşuşyk 1-2 hepdäniň içinde bolup biler, ylalaşyk gazanylsa liderler özara duşuşyk geçirerler" diýip aýan etdi. 

Mewlüt Çawuşogly: "Kepil bolan halatynda Türkiye Ukrainadaky söweşe şol bada girer, Türkiye ol ýere esger ugradar ýaly beýanatlar dogry däldir" diýip mälim etdi. 

24-nji fewralda Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda başlan söweşden soň Türkiye Respublikasynyň Russiýadan alýan tebigy gazynyň mukdarynyň 50 göterimden 40 göterime çenli azalandygyny aýdan ministr Çawuşogly: "Bütin dünýä tebigy gaz üpjünçiligi boýunça bir gözlegiň içinde. Dogry bolan zat gaýtadan dikeldilýän energiýa ugrukmak. Russiýadan gaz üpjünçiliginde hiç hili mesele ýok. Araçylyk edýän mahalymyz sanksiýalara goşulmagymyz dogry bolmaz, şol sebäpli her kim bize düşündi" diýip habar berdi. 

Maý aýynyň ortasynda Ysraýylyň Premýer ministri Naftali Bennetiň Türkiye Respublikasyna geljekdigini aýdan Çawuşogly: "Bu sebitdäki tebigy gazyň Türkiye Respublikasyndaky tebigy gaz geçiriji turbalara birikdirilip, Ýewropa ugradylmagy gerek. Emma gysga wagtyň içinde onuň amala aşyrylmagy kyn bolar" diýip mälim etdi. 

Daşary işler ministri Ýewropa Bileleşigi bilen edilýän gatnaşyklar bilen bagly bolsa: "Türkiye sebitiň we dünýäniň parahatçylygy üçin möhüm ýurt. Ýewropanyň howpsuzlygyna hem iň köp goşant goşýan ýurtdyrys. ÝB gerek bolan halatynda ýakynlaşýar, soň bolsa araçäk goýar. Muny ençeme ýurda edýärler" diýip belledi. 

Çawuşogly NATO-nyň we ÝB-niň içinde indi Türkiye Respublikasyna garşy çäklendirmeleri aýyralyň pozisiýasynyň güýçlenmäge başlandygyny beýan etdi. 

Ministr Çawuşogly Saud Arabystany bilen gatnaşyklaryň kadalaşmagy ugrunda möhüm ädimleriň edilýändigini aýan etdi. 



Degişli Habarlar