Çawuşogly ukrainaly kärdeşi Kuleba bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmytro Kuleba bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

1803069
Çawuşogly ukrainaly kärdeşi Kuleba bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiýe Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky krizisiň bes edilmegi üçin diplomatik tagallalaryny arakesmesiz dowam etdirýär. 

Söweşiň dowam edýän günlerinde gepleşikler bu gezek Türkiýäniň Stambul şäherinde geçiriler. 

Şol sebäpli hem Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmytro Kuleba bilen telefon arkaly gürrüňdeş boldy. 

Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda: "Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ukrainaly kärdeşi Dmytro Kuleba bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. Telefon söhbetdeşliginde Ukrainada başdan geçirilen soňky hadysalar we Stambulda Russiýanyň we Ukrainanyň wekiliýetleriniň arasynda geçiriljek gepleşikler ara alynyp maslahatlaşyldy" diýip habar berildi. 

Russiýanyň goşuny 24-nji fewralda Ukraina garşy harby hüjüm başladypdy, taraplar söweş başlanyndan soň ençeme gezek gepleşikler geçiripdi. 



Degişli Habarlar